броо😍😚😚😚 Erkinligiň, adalatyň baýdagy.
Her gezek mermer paýtagtymyzyň görküne görk goşyp, çar ýana ýalkym saçyp duran, dünýäde iň uly baýdak hökmünde Ginnesiňrekordlar kitabyndan mynasyp orun alan Döwlet baýdagymyzy synlamyzda, onuň türkmen sährasyny ýatladýan ýaşyl renkinde baky ýaşaýşymyzy, geljegimizi, dowamatymyzy görýärin. Bagtyýar halkymyzyň erkana, asuda ýaşayşynyňny şany bolup al-asmanda pasyrdayan mertebe tugumyzy görüp, gözüm nurlanyar, köňlim joşyp, ruhym ganatlanyar. Şatlygymyza şatlyk goşup, täze ösüşlere, beýik ýeňişlere ruhlandyrýan ýaşyl baýdagymyzy biz yüzümiziň tuwagy, ar-namys tugumyz, milli buýsanjymyz hem guwanjymyz hökmünde ýüregimizde, döşümizde, depämizde göterýäris. Bu gün adalatyň, erkinligin Tugy bolan ýaşyl baýdagymyzyň waspy dillerde dessan, şahyrlar ony taryplap şygyr döretse, döwlet nyşanymyz sungat ussatlarymyzyň aýdym-sazlarynda belent mukam bolup ýaňlanýar.
Ynha, indi 23 ýyl bäri ýaşyl baýdagymyz ynsanperwerligi, ruhuhubelentligi terbileýän döwlet nyşanlaryň biri hökmünde Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda belentden pasyrdaýar. Türkmen döwletiň, onuň merdana halkynyň at-abraýynyň Arşa göterilýän, hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän, umumadamzat bähbitli beyik tutumlaryň dünýä ýaň salýan Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrinde Döwlet baýdagymyzyň mukaddesligi, mertebesi has-da ýokary goterilýär.
Prezidentimiziň «Adam edebinden tanalalar, ýurt-Tugundan» diýen ajaýyp pähimi bar. Bu gün dünýäniň çar künjeginde buysançly parlayan Döwlet baýdagymyz Gahryman Arkadagymyzyň bimöçber aladalary bilen deňsiz-taysyz ösüşlere belent sepgitlere ýeten ata Watanymyzyň şan-sähratyny bütin äleme buşlaýar. Hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlara döwlet saparlarlarynyň her biri buýsanç Tugumyzy has-da belende göterýär. Türkmeniň ýaşyl Tugynyň astynda goňşy we dünýä döwletleri bilen ikitaraplaýyn özara bähbitli, hoşniyetli gatnaşyklaryň täze geljegine ýol açýar. Milli mukaddeslik derejesinde sarpalanyan Döwlet baýdagymyzyň astynda ata Watanymyzyň dünýäniň iň abraýly halkara guramasynyň düzüminde bitirýän işleri, Dünýä Bileleşiginiň garamagyna girizýän tekliplerin her birisi umumadamzat derejesinde ähmiýetligi bilen tapawutlanýar. Halkymyzyň geçmişini, şu günki, geljegini özünde jemleýän mukaddes ýaşyl Tugumyz türkmeniň kalby bolup, dünýä ýüzine nur saçyar. Ol Garaşsyz baky Bitarap Diýarymyzda bellenilýän toý-baýramlaryň , şan- seneleriň bezegi. Daşary döwletlerde geçirilýän iri halkara ýaryşlarynda ýeňiş gazanyp, Watanymyzda şan getirýän, döwlet senasynyň owazynyň astynda ýaşyl baýdagymyzy depesinde parladyp, hormat münberinde uly buýsanç bilen dünýäň türgenlerimizi görenimizde, gözlerimiz begençden nurlanýar.
Gün nuryna lowurdaýan buysanç Tugumyz her bir türkmen raýatynyň ýüreginden orun alyp, döwletli ojaklaryň depesinde parlayar. Belentden parlayan Döwlet baydagymyz hormatly Prezidentimiz halkymyza peşgeş eden täze taryhy eýýamynyň uly ýeňişlerini, belent sepgitlerini has-da dabaralandyryp, ruhymyza ruh goşyar. Şahyryň goşgy setirlerinde taryp edişi ýaly:
Dessanlara sygmaz şöhratyň-şanyň
Köňüller küýsegi – Döwlet nyşanym.
Seniň adyň meniň dilimde dessan,
Parlap dur, baydagym, üstünde dünýäň!
BAÝDAGYM
Köşk-ewlanlaň üstünde
Pasyrdaiar baydagym.
Bütin dünýäň üstünde,
Pasyrdaiar baydagym,
BMG-äň binasynda
Parlap duran ýaşyl Tug.
Asyrlara uzasyn,
Uzak bolsun yaşyň, Tug!
Sen hakdaky aýdymy
Buýsanç bilen aýdanym.
Göwün berip söýdügim
Meniň yaşyl Baydagym!
Baýdagym göge galsa,
Göge galyar göwnümiz.
Seni golda göterip,
Öňe barýar döwrümiz.
Гылыджов Пыгамбергулы, Каспийский Институт Морского и Речного Транспорта. В номинации "литература" (научная статья)